«Nestle» kompaniýasynyň girdejisi pese düşdi

Şweýsariýanyň «Nestle» kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça girdejisi 1,8 göterim, arassa peýdasy 2,9 göterim peseldi. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen ««Nestleniň» girdejisi pese düşdi» atly makalada habar berildi.

Maglumatlara görä, «Nestle» geçen ýyl 91,35 milliard şweýsar franky möçberde girdeji, 10,88 milliard şweýsar franky möçberde arassa peýda gazandy.Kompaniýanyň girdejisi geçen ýyl Demirgazyk Amerikada 2,5 göterim, Ýewropada 1 göterim, Aziýa, Afrika we Okeaniýa döwletlerinde 4,1 göterim, Latyn Amerikasynda bolsa 2,2 göterim pese düşdi.«Nestle» kompaniýasynyň öndürýän «Nespresso» kofesiniň we kofe maşynlarynyň satuwy 0,1 göterim ýokarlandy. Iýmit önümleriniň satuwy bolsa 3,7 göterim artdy.Maglumat üçin: kompaniýanyň dünýäniň 75 sany ýurdundaky 337 sany zawodynda 277 müňe golaý hünärmen zähmet çekýär.

Ответить