«Netflix»-iň girdejisi kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek 10 milliard dollardan geçdi

«Netflix» kompaniýasy 34 analitigiň ortaça çaklamasyna görä,«Wall Street»-iň her bir paýnama üçin 4.20 dollar diýen çaklamasynyň hötdesinden gelip, her bir paýnamadan 4,27 dollarlyk girdeji gazanandy. Bu barada «tr.investing.com» internet neşiri habar berdi.
Ýyllyk amal girdejisi kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek 10 milliard dollardan geçdi. Girdeji «Wall Street»-iň çärýek üçin 10,1 milliard dollar bolan diýen çaklamalary bilen deňeşdirilende, geçen ýylyň degişli döwründen 16 göterim artdy we 10,2 milliard dollar boldy.
Kompaniýanyň sişenbe güni habar bermegine görä «Netflix», göni ýaýlym sport çäreleri we Günorta Koreýanyň meşhur «Squid Game» seriýalynyň täzeden görkezilmegi esasynda, rekord mukdarda täze müşderileri özüne çekmek bilen dynç alyş çärýeginde «Wall Street»-iň çaklamalarynyň hötdesinden gelip, 18,9 million abonent goşdy.
«Netflix», maýadarlara ýazan hatynda 2024-nji ýylda rekord derejesinde 41 million abonent goşandygyny ýazandygyny we ösüşi çaltlaşdyrandygyny aýtmak bilen «2025-nji ýyla güýçli depginde girýäris» — diýip belledi.
Kompaniýa 2025-nji ýylda 43,5 milliard dollardan 44,5 milliard dollara çenli girdeji gazanmagy göz öňüne tutmak bilen, öňki çaklamasyna görä ýarym milliard dollar artar diýen tahmynlaryna täzeden garady. Kompaniýa täze çaklamalaryň iş esaslarynyň gowulaşýandygyny görkezýändigini aýtdy.