Norwegiýanyň pensiýa gaznasy geçen ýyl tehnologiýa paýnamalaryndan rekord girdeji gazandy

Norwegiýanyň pensiýa gaznasy geçen ýyl tehnologiýa paýnamalaryndan rekord derejede has köp girdeji gazandy. Bu barada « foreks.com» internet neşiri habar berdi.

Norwegiýanyň pensiýa gaznasy geçen geçen ýyl tehnologiýa paýnamalaryndan has köp girdeji gazanyp, 2 trillion 511 milliard kron (222 milliard dollar) peýda görendigini mälim etdi. Şeýlelikde gazna 2024-nji ýylda maýa goýumdan 13 göterim girdeji alypdyr. Pensiýa gaznasy 2023-nji ýylda 2,2 trillion kron rekord peýda gazanypdyr. Şeýlelikde gazna yzly-yzyna iki ýyl ýokary peýda gazandy.Ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, gaznanyň bazar gymmaty 19 trillion 742 milliard kroon (1 trillion 744 milliard dollar) bolupdyr.Norwegiýanyň pensiýa gaznasy 1990-njy ýyldan bäri ýurduň nebit-gaz pudagyndan alýan girdejisi bilen daşary ýurtlarda gymmatly kagyzlar we gozgalmaýan emläk bazarynda maýa goýum goýup, girdejisini artdyrýar. 5,5 million töweregi ilaty bolan ýurduň hökümeti gaznadan alynýan girdejiniň örän az bölümini ulanýar. Onuň köp bölegi geljekki nesiller üçin süýşürilýär.

Çeşme:https://www.foreks.com/haber/detay/679a0709b487a96fb4a9e52a/PICNEWS/tr/norvec-varlik-fonu-teknoloji-rallisi-sayesinde-yillik-222-milyar-dolar-kar-acikladi/

Ответить