Owganystan Russiýa bilen strategik şertnama baglaşmaga taýýarlanýar

Owganystan Russiýa bilen tebigy gazy üstaşyr geçirmek meselesinde strategik şertnama taýýarlanýar. Bu barada Owganystandaky Russiýa biznes merkeziniň başlygy Rustam Habibullin  aýtdy diýip «RIA Nowosti» habar berdi.

Şertnama görä, 50 million kub metr rus gazyny Owganystanyň çäginden Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna üstaşyr geçirmek meýilleşdirilýär. Habibulliniň sözlerine görä, bu babatdaky synag işleri eýýäm amala aşyryldy.

Mundan başga-da, Russiýa bilen Owganystanyň arasynda ýylda 50 million tonna nebit önümini we 2 million tonna bugdaýy  üstaşyr geçirmek barada şertnama bar.

Ответить