Özbegistanda gaz çykarylyşy azalýar

Özbegistanda gaz önümçiligi ýanwar – iýun aýlarynda 5.1 göterim azaldy diýip, Daşkentdäki «Kazinform» habarçysy Alihan Askar habar berdi.

         Statistika gullugynyň habaryna görä, ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň iri kärhanalary tarapyndan 22,36 milliard kub metr gaz öndürilipdir. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2 milliard kub metr az.

         Energetika ministrliginiň ýakyn 4 ýylda ýurtda gaz çykarylyşynyň rekord derejede azalandygyny düşündirendigini bellemelidiris. Ministrligiň habaryna görä, munuň sebäbi «Kandim»  gaz gaýtadan işleýän zawodda meýilleşdirilen abatlaýyş işleri we beýleki tehnologiki näsazlyklar sebäpli ýüze çykýar.

         Gazyň mukdary azalsa-da, goňşy ýurt kömür önümçiligini artdyrdy. Hususan-da, özbek magdançylary alty aýda 2 million 640 müň tonna gaty ýangyç gazyp aldylar. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 148,000 tonna köp.

Ответить