«Prudential Financial» 2025-nji ýylda 1 milliard dollyk paýnamalary satyn almagy meýilleşdirýär.

«Prudential Financial» ätiýaçlandyryş fondunyň ýolbaşçylar düzüminiň mälim etmegine görä, kompaniýa 2025-nji ýylda 1 milliard amerikan dollaryna deň bolan paýnamalaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «interfax.ru» internet neşirinde habar berildi.

 «Prudential Financial» kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçiren goşmaça mejlisinde onuň paýnamalary 0,6 göterim gymmatlady. Kompaniýanyň bazar bahasy bolsa geçen ýylyň başyndan bäri 17 göterim ýokarlanyp, 43,6 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Ответить