«PUBG» oýny 2024-nji ýylda rekord derejede 689 million dollar girdeji gazandy

«PUBG» oýny 2024-nji ýylda maliýe taýdan ajaýyp netijeleri görkezdi. «Krafton» kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, ýylyň dowamynda umumy girdeji 689 million dollar boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende kompaniýanyň girdejisi 41,8 göterim artdy. Bu sanlar oýnuň taryhyndaky iň ýokary görkezijilerdir diýip, «Business Wire» neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.

Esasy üstünlik «PUBG» franşizasy bilen baglanyşyklydyr. Oýun dünýä boýunça millionlarça oýunçyny özüne çekmegi dowam edýär. Hususan-da, kompýuter we konsol wersiýalarynyň girdejisiniň ep-esli artandygy bellenilýär. Girdejiniň esasy bölegi hut şu platformalardan gelip gowşupdyr.Şeýle-de oýnuň mobil görnüşi bolan «PUBG Mobile» hem uly rol oýnady. Bu ugurda gazanylan üstünlikler hem «Krafton» kompaniýasynyň umumy ösüşine uly täsir etdi. Häzirki wagtda mobil oýunlaryň meşhurlygy barha artýar we «PUBG Mobile» henizem iň köp isleg bildirilýän oýunlaryň biri bolmagynda galýar.Mundan başga-da oýnuň işläp düzüjileri oýunçylaryň gyzyklanmasyny ýitirmezlik üçin yzygiderli täze üýtgeşmeleri hödürleýärler. Mysal üçin, golaýda ulanyjylara Söýgüliler gününe bagyşlanan ýörite eşikler (skinler) hödürlendi. Şeýle täzelenmeler köne oýunçylary oýunda saklamaga we täze oýunçylary bolsa özüne çekmäge ýardam berýär.«PUBG» görkezen netijeleri bilen geň galdyrmaga dowam edip, oýun pudagynyň iň üstünlikli taslamalarynyň biri bolmagynda galýar.

Ответить