Pul geçirimleri üçin niýetlenilen «X Money» töleg programmasy işe girizilýär

X kompaniýasy 2025-nji ýylda «X Money» töleg hyzmatyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu barada «tmcars.info» neşiri habar berdi.
Täze programma «Visa» bilen hyzmatdaşlykda döredilýär we X-y maliýe funksiýalary bolan uniwersal programma öwürmekde ilkinji ädim bolar.X-iň baş direktory Ýakkarinonyň sözlerine görä, «X Money» ulanyjylara debet kartlaryndan serişdeleri geçirmäge we «Venmo» ýaly, bank hasaplaryna pul ibermäge mümkinçilik berer.Şeýle hem X-da balansy doldurmak üçin Wallet funksiýasy elýeterli bolar.Ýakkarino we Ilon Mask ozal X-a maliýe hyzmatlaryny birikdirmek meýilnamalaryny yglan edipdiler. Mask ulanyjylaryň «tutuş maliýe durmuşyny» ýöredip bilmegi üçin platforma döretmek isleýändigini nygtaýardy.Kompaniýa häzirlikçe «X Money» töleg programmasynyň işleýşi we hyzmatyň monetizasiýa edilişi barada jikme-jiklikleri aýan etmeýär. Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, X-iň işi maliýe kynçylyklaryny hem başdan geçirýär. «The Wall Street Journal» gazetiniň habaryna görä, Mask işgärlerine kompaniýanyň zordan gününi dolaýandygyny aýtdy.