«Redmi Turbo 4» smartfony dünýä bazaryna «POCO X7 Pro» ady bilen çykarylar

«Redmi Turbo 4» smartfony dünýä bazaryna «POCO X7 Pro» ady bilen çykarylar we onuň başlangyç bahasy 370 ýewro bolar. Bu barada «ixbt.com» internet neşiri habar berdi.
Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Hytaýyň meşhur «Redmi» brendi täze «Turbo» smartfonynyň satuwyna başlady. «hi-tech.mail.ru» internet neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji 24 sagadyň dowamynda onuň satuwynyň mukdary özünden öňki nusgalaryndan iki esseden gowrak – 220 göterim köp boldy.
Täze smartfonyň esasy üns çekýän artykmaçlygy onuň öndürijiligidir, kuwwatly prosessorydyr. Onda «MediaTek Dimensity 8400 Ultra» prosessory ornaşdyrylyp, ol dünýäniň kämil çipleriniň biri hasaplanýar. Prosessoryň ýygylygy 3,25 GGs bolan bir Cortex-A725 ýadrosy, 3,0 GGs ýygylygy bolan üç sany Cortex-A725 ýadrosy we 2,1 GGs ýygylygy bolan dört Cortex-A725 ýadrosy bar. Mali-G720 MC7 grafiki prosessory iň ýokary öndürijiligiň 24% artmagyny üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde energiýa sarp edilişini 42% azaldýar. Smartfonda 1,5K durulykly we 120Gs täzeleniş tizligi bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edilen.
Enjamda kameralar hem ýokary hilli. Kamera modulyna 50 MP esasy datçik, 8 MP ultra giň burçly obýektiw we 20 MP öň kamerasy girýär. 6550 mAh batareýa 90W çalt zarýad bermegi goldaýar we enjama 45 minutda doly zarýad almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Turbo 4 IP66, IP68 we IP69 standartlaryna kepillendirilip, çyglylyga we tozana çydamlydyr. Enjam iň täze Wi-Fi 6 we Bluetooth 6.0 aragatnaşyk tehnologiýalaryny goldaýar. Smartfon halkara bazaryna POCO X7 Pro ady bilen çykarylar