«Rho Motion» 2024-nji ýylda dünýä bazary boýunça 17,1 million elektroulagyň satylandygyny mälim etdi

Angliýanyň «Rho Motion» maglumat beriş kompaniýasy 2024-nji ýylda dünýä bazary boýunça jemi 17,1 million elektroulagyň satylandygyny mälim etdi. Bu barada Türkiýäniň «Anadolu ajansı» habarlar agentligi habar berdi.
Geçen ýyl dünýäde elektroulag satuwy rekord derejede artyp, 17 milliondan geçdi. Bu görkeziji Ýewropada käbir ýurtlaryň elektroulaglara berýän ýeňilliginiň aýrylandygyna garamazdan hasaba alyndy. Angliýanyň «Rho Motion» maglumat beriş kompaniýasy 2024-nji ýylda jemi 17,1 million elektroulag satylandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, geçen ýyl dünýäde 2023-nji ýyldakydan 25 göterim köp elektroulag ýerlenipdir. Ýewropada elektroulaga bolan isleg 3 göterim azalyp, 3 million bolupdyr. Birleşen Patyşalykda 400 müňden gowrak batareýaly ulag satylyp, Ýewropanyň iň köp elektroulag satylan ýurdy boldy. Şeýlelikde, bu ýurtda elektroulag satuwy Germaniýadan öňe geçdi. Germaniýada 2023-nji ýylyň ahyrynda elektroulaglar üçin berilýän ýeňilligiň ýatyrylmagy bilen isleg pese gaçdy. ABŞ-da we Kanadada elektroulag satuwy 9 göterim artyp, 1,8 milliona ýetdi. Häzirki wagtda ABŞ-da elektroulag we batareýa önümçilik desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygy dowam edýär. 2024-nji ýylda Hytaýda elektroulag satuwy 40 göterim artyp, 11 milliona ýetdi. Şeýlelikde, tok bilen işleýän ulaglaryň ýaryndan gowragy hytaýly müşderilere ýetirildi. Şeýle hem bu ýurtda satylan elektroulaglaryň üçden birinden gowragyny BYD modelleri emele getirdi.