Russiýanyň «ВТБ» bankynda «SWIFT» hasaplaşyk ulgamyny ulanmazlyk teklip edildi

Russiýanyň «ВТБ» bankynyň başlygy Andreý Kostin «SWIFT» hasaplaşyk ulgamyny ýok etmäge, ýagny ondan ýüz öwürmegi we hyzmatdaşlyk etmezlige çagyrdy. Bu barada «aniq.uz» internet neşiri habar berdi.
Internet neşiriniň habaryna görä, Andreý Kostin «SWIFT» hasaplaşyk ulgamyny ýok etmek, ýagny ondan ýüz öwürmek we hyzmatdaşlyk etmezlik bardaky teklibini «ВГТРК» žurnalisti Pawel Zarubine-de aýtdy. Ol: ««SWIFT» hasaplaşyk ulgamy, sözüň oňyn manysynda ýok edilmelidir, taşlanmalydyr we mundan beýläk ulanylmaly däldir. Çünki, bu hasaplaşyk ulgamy gizlinligi saklamaýan göni maglumat akymydyr» – diýip nygtady.