«Rysgal» banky şahsy taraplar üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny hödürleýär

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky şahsy taraplar üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 7-nji sahypasynda çap edilen bildirişde habar berildi.
«Internet-bank» hyzmatyny birikdirmek hem-de «Mobil-bank» programma üpjünçiligini ykjam enjamlaryňyza gurnamak arkaly, banka barmazdan, sanly ulgam arkaly aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:
— öz hasaplaryňyzy özbaşdak dolandyrmak;
— bankyň, şeýle hem beýleki banklaryň müşderileri bolan şahsy taraplaryň bank kartlaryna hem-de hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek;
— adatça, köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň nusgalaryny almak hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;
— müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
— karzlar we goýumlar boýunça maglumatlary görmek we olary dolandyrmak;
— bank tarapyndan iberilýän maglumatlary almak, bank bilen habarlaşmak we sorag-jogap alyşmak;
— daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.
Hyzmatlary birikdirmek üçin «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Telefon belgilerimiz: +993 (12) 96-46-74, +993 (12) 96-46-86.
Giňişleýin maglumat internet sahypamyzda ýerleşdirilen: www.rysgalbank.com.tm