«Samsung» kompaniýasynyň 19 ýyl bäri dünýäniň telewizor bazarynda agalygyny elden bermän gelýär

«Samsung» kompaniýasynyň 19 ýyl bäri dünýäniň telewizor bazarynda agalygyny elden bermän gelýär. Bu barada «tmcars.info» internet neşiri habar berdi.
«Samsung» kompaniýasy dünýäniň iň iri telewizor öndürijisi bolmagyny dowam etdirýär. Omdia analitik kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýäde satylan telewizorlaryň 28,3 göterimi Samsung-a degişli bolupdyr. Şeýlelikde, kompaniýa 19 ýyl bäri bazardaky öňdeligini elden bermän gelýär.Günorta Koreýanyň tehnoägirdi bu üstünligini innowasion tehnologiýalaryny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly gazanýar. Hususan-da emeli aň bilen enjamlaşdyrylan telewizorlaryň öndürilmegi kompaniýanyň bazardaky ornuny has-da berkidýär. Mundan başga-da «Samsung» ýokary derejeli (premium) telewizorlaryň hem-de örän uly ekranly modelleriň önümçiligine aýratyn üns berýär.Gymmat bahaly (2500 dollardan ýokary) telewizorlar pudagynda «Samsung» kompaniýasynyň bazardaky paýy 49,6 göterime deň. Örän uly ekranly, ýagny 75 dýuýmdan uly telewizorlaryň bazarynda bolsa kompaniýanyň paýy 28,7 göterime ýetýär.2024-nji ýylda kompaniýa 8,34 million sany «OLED» telewizor satdy. Şeýlelikde Samsung bu pudagyň 46,8 göterimini eýelemegi başardy. Şeýlelikde, geçen ýyl satylan ähli telewizorlaryň 10 göterimi «OLED» tehnologiýasy bilen işleýän modeller boldy. Şeýle hem Samsung 1,44 million sany «OLED» telewizor satdy. Bu bolsa kompaniýanyň degişli bazardaky paýyny 27,3 göterime ýetirýär. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 42 göterim köpelipdir.