Şanhaýda «Apple» kompaniýasynyň «Apple Technology Development Shanghai» atly täze bölüminiň döredilmegi üçin 35 million dollar maýa goýuldy

«Apple» kompaniýasynyň uly maglumat (big data) we emeli aň tehnologiýalary bilen bagly programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we kämilleşdirmek maksady esasynda Şanhaýda açan «Apple Technology Development Shanghai» atly täze bölüminiň döredilmegi üçin 35 million dollar maýa goýuldy. Bu barada «TASS» internet neşiri  «Yicai Global» agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Internet neşiriniň maglumatlaryna görä, «Apple Technology Development Shanghai» bölüminiň esasy işi programma üpjünçiligini işläp düzmek, uly maglumatlary işlemek we saklamak bolar. Bu bölümiň döredilmegi «Apple» kompaniýasynyň Hytaý bazarynda emeli aň ulgamlaryny işe girizmek baradaky tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, täze bölümiň açylmagy «Apple» kompaniýasynyň Hytaýda «Apple Intelligence» atly emeli aň tehnologiýasyny işe girizmek baradaky meýilnamalaryny tassyklaýar.

Ответить