Saud Arabystany «Groq» kompaniýasyna 1,5 milliard dollar maýa goýar

Saud Arabystany emeli aň çipleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Groq» atly amerikan startapyna 1,5 milliard dollar maýa goýar. Bu maýa goýum patyşalygyň emeli aň ugrundaky öňdebaryjy ornuny berkitmek boýunça äden möhüm ädimleriniň biri bolup durýar. «LEAP 2025» atly tehnologik çäräniň dowamynda mälim edilen maýa goýumyň esasy bölegi startapyň Saud Arabystanynyň Dammam şäherinde ýerleşýän, emeli aň çiplerine esaslanýan maglumat merkezleri üçin sarp ediler diýip, «Reuters» neşiriniň habar berýändigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.
Emeli aň çipleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Groq» startapy «Alphabet» kompaniýasynyň öňki inženeri tarapyndan esaslandyryldy. Düýbi Kremniý jülgesinde (Kaliforniýa, ABŞ) ýerleşýän kompaniýa özüniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanaldy we 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen maýa goýum tapgyryndan soň onuň umumy bahasy 2,8 milliard dollara ýetdi.Saud Arabystanynyň emeli aň infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin goýlan 1,5 milliard dollarlyk maýanyň esasy bölegi «Groq» kompaniýasynyň maglumat merkezlerine gönükdiriler. Bu taslama Saud Arabystanynyň nebit ägirdi bolan «Aramco» kompaniýasyna degişli «Aramco Digital» bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Bu maglumat merkezlerinde Saud Arabystanynyň hökümeti tarapyndan işlenip düzülýän, arap we iňlis dillerini goldaýan «Allam AI» atly uly dil modeli (LLM) ulanylar. Bu ädim Saud Arabystanynyň ýurduň ykdysadyýetiniň nebite bolan garaşlylygyny azaltmak hem-de tehnologiýa bilen emeli aň ugruna uly maýa goýmak baradaky giňişleýin strategiýasyna laýyk gelýär. Patyşalyk emeli aň ugrundaky maksatlaryny goldamak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.«LEAP 2025» çäresiniň dowamynda amerikan kompaniýalary emeli aň bilen baglanyşykly jemi 14,9 milliard dollar möçberdäki maýa goýumlary özüne çekdi. Bu möçber dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ABŞ-nyň emeli aň tehnologiýalaryna bolan garaşlylygynyň barha artýandygyny görkezýär.