Saud Arabystany Patyşalygy ýakyn dört ýylda ABŞ-a 600 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär

Saud Arabystany Patyşalygynyň şazadasy Muhammet bin Salman ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly bolan söhbetdeşliginde öz ýurdunyň ýakyn dört ýylda ABŞ-a 600 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýändigini aýtdy. Bu barada «forbes.com.tr» internet neşiri habar berdi.
Prezident Tramp 2017-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran ilkinji daşary ýurt sapary bilen bütindünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bu ädim, umuman ABŞ Prezidentleriniň Angliýany saýlan ilkinji daşary ýurt sapary däbini bozdy.
Trampyň bu sapary nebite baý Aýlag ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklarynyň görkezijisi hökmünde düşündirildi. «Oval» ofisinde žurnalistlere beren beýanatynda: «Geçen gezek Saud Arabystany Patyşalygy bilen 450 milliard dollarlyk önüm şertnamasy baglaşdyk. Eger bir 500 milliard dollarlyk şertnama ýene bar bolsa, ýene-de giderin» — diýdi.
Mirasdüşer şazada Muhammet bin Salman Tramp bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde Patyşalygyň ABŞ bilen maýa goýumlaryny we söwda mukdaryny artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Saud Arabystany patyşalygynyň Döwlet metbugat gullugynyň habaryna görä, mirasdüşer şazada: «Saud Arabystany Patyşalygy öňümizdäki dört ýylyň dowamynda ABŞ bilen 600 milliard dollar, belki has köp söwda we maýa goýumlaryna ünsi jemlemegi maksat edinýär» — diýip belledi.
Maýa goýumlary barada jikme-jik maglumat berilmese-de, Saud Arabystany Patyşalygynyň garaşsyz emläk gaznalarynyň ABŞ-da uly maýa goýumlarynyň bardygy mälimdir. Oňa mysal hökmünde sport maýa goýumlaryny we Amerikan kompaniýalaryndaky paýnamalaryny görkezmek bolar.
Trampyň ilkinji daşary ýurt sapary ýene-de Saud Arabystany Patyşalygyna bolup biler
Trampyň mirasdüşer şazadasy bilen telefon arkaly bolan söhbetdeşligi «Ak tam» köşgünde Prezident wezipesine işe girişeni bäri daşary ýurt liderleri bilen bolan ilkinji telefon söhbetdeşligidir. Mundan başga-da, Tramp işe girişenden soň ilkinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystany Patyşalygyna meýilleşdirýändigini aýtdy. Mirasdüşer şazada şol gün ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen hem duşuşdy. Bu gatnaşyklar ABŞ – Saud Arabystany Patyşalygy gatnaşyklarynda täze döwrüň alamatlary hasaplanýar.