«Saýla» onlaýn dükany harytlaryň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan müşderilere hödürleýär

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Saýla» onlaýn dükany harytlaryň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan müşderilere hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Onlaýn dükan» atly makalada habar berildi.
Sanly ulgamyň üsti bilen söwda etmek gündelik durmuşymyzy has-da ýeňilleşdirýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyjylar «Saýla» onlaýn dükanynyň www.sayla.com.tm web saýtynda we «Google Play» hem-de «App Store» gollanmalar dükanynda iOS we Android gurluşlar üçin elýeterli bolan ykjam goşundysynda harytlaryň dürli görnüşleri bilen tanşyp bilerler. Onlaýn dükanda gök we bakja önümleri, azyk harytlary, konditer önümleri amatly bahadan hödürlenilýär.
Onlaýn sargyt edilen harytlar gysga wagtyň dowamynda paýtagtymyzyň çägine eltilip berilýär. Müşderiler web saýtyň üsti bilen özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça hünärmenlere ýüz tutup bilerler.