«Şir ýag» haryt nyşanly motor ýaglary içerki bazaryň geçginli harydy

«Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda «Şir ýag» haryt nyşany bilen 1, 5, 20 we 205 litrlik gaplara gaplanýan we içerki sarp edijilere ýetirilýän motor ýaglary içerki bazarda diýseň geçginlidir. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Geçginli motor ýaglary» atly makalada habar berildi.
«Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda häzirki wagtda tejribeli işçi-hünärmenleriň 150-si yhlasly zähmet çekýär. Olaryň öz iş ugurlary boýunça ýeterlik bilime we tejribä eýe bolmaklary, şeýle-de bu ýere Amerikanyň, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň iri önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi depginli alyp barmaga şert döredýär.

Hususan-da, 3 gektar meýdanda ýerleşýän kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonna barabar bolan motor ýagyny öndürmäge niýetlenendir. Şu jähetden, häzirki wagtda bu ýerde motor hem-de çalgy ýaglarynyň 25 görnüşiniň depginli öndürilmegi oňyn netijedir. Esasy bellemeli zat bolsa, bu ýerdäki önümçiligiň üstüni ýarym we doly sintetik motor ýaglarynyň hem-de senagatda, gidrawlik ulgamda, oba hojalykda ulanylýan we beýleki çalgy ýaglarynyň ýetirýänligidir.
— Sintetik motor ýagy ýokary öndürijilikli we ähli pasyl üçin hereketlendiriji ýagdyr. Kärhanamyzda awtoulaglaryň hem-de tehnikalaryň motor ýaglaryny öndürmek üçin esaslyk çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri peýdalanylýar. Önümçiligiň çig maly hökmünde ýerli önümleriň ulanylmagy, birinjiden, önümleriň ýokary hil derejesinde taýýarlanylmagyny üpjün edýär, ikinjiden, önümiň özüne düşýän gymmatyny azaldyp, ony içerki bazara amatly bahadan hödürlemäge, şeýle-de kärhananyň girdejililigini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar — diýip, «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni belleýär.
Netijede, «Şir ýag» haryt nyşany bilen 1, 5, 20 we 205 litrlik gaplara gaplanýan we içerki sarp edijilere ýetirilýän motor ýaglary içerki bazarda diýseň geçginlidir. Şunda önümleriň gaplanýan plastik gaplarynyň önümçiliginiň kärhananyň özünde ýola goýlandygyny bellemek ýakymlydyr.
Bu arzyly sepgitler, oňat görkezijiler diňe bir «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň üstünligi bolman, eýsem, tutuş hususy ulgamyň ajaýyp ýeňşidir. Çünki Türkmenistan döwletimizde telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, hususyýetçileriň netijeli iş alyp barmaklary, täze önümçilikleri yzygiderli işe girizmekleri, eksporta we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.