Siriýada Russiýadan, Eýrandan we Ysraýyldan haryt getirilmegi gadagan edildi

Siriýanyň Maliýe ministrligi Russiýadan, Eýrandan we Ysraýyldan haryt getirilmegini gadagan etdi. Bu barada «aniq.uz» internet neşiri «Al Arabiya» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Eger bu üç ýurtdan harytlaryň getirilendigi anyklanylsa, olar harytlardan mahrum edilmegi göz öňünde tutulýar.

Siriýada ykdysadyýeti goldamak maksady bilen täze hökümet dollar amallaryna rugsat berjekdigini mälim etdi we 50 göterimden 60 göterime çenli arzanladylan gümrük paçlarynyň täze toplumyny tassyklady.

Hökümetiň bu karary Siriýa beýleki ýurtlardan, şol sanda ABŞ-dan import akymyna ýol açdy.

Häzirki wagtda Damaskdaky dükanlar import edilýän önümlerden – Türkiýäniň çüýşeli suwlaryndan, Saud Arabystanynyň azyk önümlerinden, «Twix» we «Snickers» ýaly günbatar şokoladlaryndan, şeýle hem «Pepsi» we beýleki halkara alkogolsyz içgiler markalaryndan doludyr.

Siriýanyň täze hökümetiniň karary çig mal importyny ýeňilleşdirer we ýerli öndürijileri goldamak üçin pudagy höweslendirer.

Ответить