«SONY» girdejisini artdyrýar

Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasy geçen ýylyň üçünji çärýeginde arassa peýdasyny 2,7 göterim artdyrdy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen ««SONY» girdejisini artdyrýar» atly adybir makalada habar berildi.

Maglumatlara görä, arassa peýda 373,739 milliard ýene deň boldy. Kompaniýanyň görkezilen möhletdäki girdejisi bolsa 18 göterim ýokarlanyp, 4,41 trillion ýene barabar boldy. Bu görkezijilerden soňra «Sony» kompaniýasy mart aýynda jemi jemlenýän maliýe ýylynda girdejisi 1,4 göterim ýokarlanyp, 13,2 trillion ýene, arassa peýdasy bolsa 11,3 göterim artyp, 1,08 trillion ýene garaşýar.Geçen hepdäniň penşenbe güni kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 1,1 göterim gymmatlady. Soňky üç aýyň dowamynda bolsa kompaniýanyň bazar bahasy 18,5 göterim ösdi.

Ответить