«Sony» kompaniýasy satuwlaryň ep-esli ýokarlandygyny habar berdi

«Sony» kompaniýasy 2024-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde (31-nji dekabrda tamamlanan döwür) satuwlaryň ep-esli ýokarlandygyny habar berdi. Şol sebäpden kompaniýa geljekdäki ýyllyk peýdasy we girdejisi baradaky çaklamalaryny has hem ýokarlandyrdy. Sony ähli esasy görkezijiler boýunça öňünden çaklanan netijelerden has ýokary derejelere ýetdi diýip, «CNBC» neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.
Geçen çärýekde «Sony» kompaniýasynyň umumy girdejisi 4,41 trillion ýapon ýenasyna (28,61 milliard dollara) barabar boldy. Bu bolsa öňňiliň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterime ýokarydyr. Bilermenler girdejiniň 3,77 trillion ýena (24,64 milliard dollara) barabar boljakdygyny çaklapdylar. Operasion girdeji bolsa 1 göterim ýokarlanyp, 469,30 milliard ýena (3,04 milliard dollara) ýetdi. Bu hem bilermenleriň çaklamasy bolan 404,21 milliard ýenadan (2,62 milliard dollardan) has ýokary boldy.«Sony» kompaniýasynyň oýun we tor hyzmatlary bölüminiň satuwy üçünji çärýekde 16 göterim ýokarlanyp, 237 milliard ýena (1,54 milliard dollara) ýetdi. Bu ösüşe esasan konsollaryň we beýleki platformalar üçin niýetlenen oýunlaryň hem-de goşmaça mazmunlaryň satuwynyň artmagy sebäp boldy. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa soňky nesil «PlayStation 5» konsollarynyň jemi 75 million nusgasyny satdy. Ýatlatsak, kompaniýa geçen ýyl «PlayStation 5 Pro» modelini hödürläpdi. Bu model 2020-nji ýylda çykarylan asyl «PS5»-iň has kämilleşdirilen görnüşidir.2024-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky ýagdaýyna görä, «PlayStation Network» («PSN») platformasynyň aýlyk işjeň ulanyjy sany 129 milliona ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 million köpdür. Geçen çärýekde Sony «PS4» we «PS5» üçin niýetlenen jemi 95,9 million sany oýun satdy. Bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,2 million köpdür. Satuwlaryň 74 göterimi oýunlaryň doly wersiýalarynyň sanly usul arkaly ýüklenip alynmagy bilen amala aşyryldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 göterim azdyr.