Şu gün TDHÇMB-niň söwdalarynda jemi 18 507 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Şu gün TDHÇMB-niň söwdalarynda jemi 18 507 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet  haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çarşenbe güni, 15-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE döwletleriniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 18 507 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Ответить