Şu gün TDHÇMB-niň söwdalarynda jemi 4 000 000,00 manada we 3 172 550,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün TDHÇMB-niň söwdalarynda jemi 4 000 000,00 manada we 3 172 550,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Sişenbe güni, 14-nji ýanwarda Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Ukraina we BAE döwletleriniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “TPP D 30S” kysymly polipropileny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 000 000,00 manada we 3 172 550,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.