
Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 31000000,00 manada we 725422,97 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün, duşenbe güni – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 31 000 000,00 manada we 725 422,97 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden jins matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler
«Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny hem-de “TPP D 30 S” kysymly polipropileny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 31 000 000,00 manada we 725 422,97 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.



