Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 3945000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 3945000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda çap edilen «Duşenbe güni, birža söwdalarynda ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.

Duşenbe güni – 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden nah matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3945000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Ответить