Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1075000,00 manada we 889500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 075 000,00 manada we 889 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Penşenbe güni, 16-njy ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “TPP D 30S” kysymly polipropileny weTürkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden ýerzeminde turbada we süzgüçlerde galýan sütükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 075 000,00 manada we 889 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.