Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 10840000,00 manada we 31690000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 10840000,00 manada we 31690000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda çap edilen «Penşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Penşenbe güni – 2025-nji ýylyň 6-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE, Owganystan we Ukraina döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy we hlorly natriý satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden nebit galyndylaryny we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 10 840 000,00 manada we 31 690 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy.