Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 10855000,00 manada we 531960,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 10 855 000,00 manada we 531 960,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Anna güni, 17-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Hytaý döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden agardylan pagta süýümini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we ölçeglerdäki boýalan sütükli önümlerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 10 855 000,00 manada we 531 960,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.