Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 12 138 400,00 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Şu gün, duşenbe güni – 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 12 138 400,00 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 12 138 400,00 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Ответить