Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 136710,00 manada we 6848000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 136710,00 manada we 6848000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda çap edilen «Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.
Maglumatlara görä, sişenbe güni – 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 136 710,00 manada we 6 848 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/713