Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 139387,50 manada we 1900000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 139387,50 manada we 1900000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda çap edilen «Duşenbe güni, birža söwdalarynda gurluşyk we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.
Maglumatlara görä. duşenbe güni – 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri Türkmenistanyñ Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden PS400-G20-K we PS500-G0-K kysymly portlandsementlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan kökli çaý içgisini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 139 387,50 manada we 1 900 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/712