Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 14329466,64 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün penşenbe güni – 2025-nji ýylyň 23-nji ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 14 329 466,64 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe we BAE döwletleriniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy we Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden jinsi jalbaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 14 329 466,64 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить