
Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 24125000,00 manada we 2190750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 24125000,00 manada we 2 190750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda çap edilen «Penşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, gurluşyk we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Penşenbe güni – 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TS-1» kysymly uçar kerosinyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropilenyny, Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden çig saten matasyny hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 24125000,00 manada we 2190750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/699



