Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 27515 000,00 manada we 1345327,95 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 27 515 000,00 manada we 1 345 327,95 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda çap edilen «Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Çarşenbe güni – 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini, «ÖT-30» iki adamlyk düşek toplumyny we nah matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileny we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we ölçeglerdäki boýalan we žakkard sütükli önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 27 515 000,00 manada we 1 345 327,95 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/692