Şu gün  Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 31700000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün, çarşenbe güni – 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 31 700 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny hem-de Türkmenisatnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miistriginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 31 700 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить