Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 372931,60 manada we 12635000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 372931,60 manada we 12635000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda çap edilen «Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, gurluşyk we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.
Maglumatlara görä, sişenbe güni – 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden süpürintgi galyndysyny hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 372931,60 manada we 12635000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.