Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 440000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Anna güni – 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 440 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Şu gün ýurdumyzyň birža söwdalarynda bazarda BAE döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 440 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/685

Ответить