Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 4629625,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 4629625,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda çap edilen «Penşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.
Penşenbe güni – 2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan we BAE döwletleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS-1” kysymly uçar kerosinyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 629 625,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/708