Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 4750000,00 manada we 1239634,11 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Şu gün, penşenbe güni – 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 4750000,00 manada we 1239634,11 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden pagta süýümini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 750 000,00 manada 1 239 634,11 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.