Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 49500000,00 manada we 2830500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 49 500 000,00 manada we 2 830 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda çap edilen «Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we oba hojalygynyň önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.
Çarşenbe güni – 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TPP Z 30 G» kysymly polipropileny we «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 49 500 000,00 manada we 2 830 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/707