Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 51150000,00 manada we 165000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 51 150 000,00 manada we 165 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çap edilen «Anna güni, birža söwdalarynda gurluşyk we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Anna güni – 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Germaniýa döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden çig matany satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 51 150 000,00 manada we 165 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/694