Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5645194,70 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5645194,70 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda çap edilen «Çarşenbe güni, birža söwdalarynda oba hojalyk önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Çarşenbe güni – 2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden gysga süýümi satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 645 194,70 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.