Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5665000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün, sişenbe güni – 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwary güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5 665 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny hem-de “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 665 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить