Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 6530500,00 manada 927000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Şenbe güni – 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 6 530 500,00 manada 927 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Şu gün ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “TPP D 30S” kysymly polipropileny we “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden arassa süpürintgini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 530 500,00 manada 927 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.