Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 719750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 719750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çap edilen «Anna güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.

Anna güni – 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS-1” kysymly uçar kerosinyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 719 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/709

Ответить