
Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 800000,00 manada we 43000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 800000,00 manada we 43000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda çap edilen «Şişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy» atly täzelikde habar berildi.
Şişenbe güni – 2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden jins şortysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 800 000,00 manada we 43 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.



