Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 9543000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 9543000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda çap edilen «Şenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we gurluşyk önümleri satyldy» atly habarda maglumat berildi.

Maglumatlara görä, şenbe güni – 2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda ýurdumyzyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy hem-de Türkiýe we Gazagystan döwletiniň Türkmenistanyñ Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden PS400-GO-K we PS500-GO-K kysymly portlandsementlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 543 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.Çeşme: https://www.exchange.gov.tm/post/710

Ответить