Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1254063,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 254 063,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Şenbe güni, 18-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidy,Serbiýa döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny we Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden boýalan agyr flanel matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 254 063,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.