Şu gün Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy 

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 3 750 000,00 manada we 2 965 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşenbe güni, 13-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 750 000,00 manada we 2 965 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить