«Takyk ulgamyň» sanly taslamalary hususyýetçileriň işinde giňden peýdalanylýar

«Takyk ulgam» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen sanly taslamalar häzirki wagtda döwlet edaralarynda, hususyýetçileriň işinde giňden peýdalanylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Işine ussat topar» atly makalada habar berildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Takyk ulgam»  hojalyk jemgyýetinde 40-dan gowrak programma düzüji IT hünärmenleri zähmet çekýärler. Hojalyk jemgyýetiniň www.takyk.com.tm web saýtynda hyzmatlaryň görnüşleri, häzirki wagta çenli amala aşyrylan taslamalar bilen giňişleýin tanyşmak mümkin.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan müşderilere web saýtlary işläp düzmek, ykjam goşundylary taýýarlamak, UI/UX dizaýn, maglumat üpjünçiligi, tehniki üpjünçilik, söwda platformalaryny işläp düzmek ýaly ýöriteleşdirilen hyzmatlar hödürlenilýär. Hojalyk jemgyýetiniň programmalary gurnamak we ornaşdyrmak boýunça iş ýüzündäki tejribesine seretsek, häzirki wagta çenli ussat hünärmenler tarapyndan 100-den gowrak taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Ответить